Iş Nokady kompaniýasy Maryda XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi atly işewürlik maslahatyny geçirer

Iş Nokady kompaniýasy Maryda XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi atly işewürlik maslahatyny geçirer

Iş Nokady kompaniýasy Mary şäheriniň telekeçilerini we ýolbaşçylaryny 13-nji we 14-nji maýda geçiriljek XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi mowzugy boýunça ilkinji iri işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrýar.

Çäräniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar Iş Nokady kompaniýasynyň ähli taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar, olaryň hatarynda ITEA Halkara IT-akademiýasy, Coddy çagalar üçin programmirleme mekdebi we beýlekiler bar.

Forumyň birinji gününde, 13-nji maýda Marketing, Işgärleri dolandyrmak, Häzirki zaman IT-tehnologiýalary ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem Moskwanyň halkara uniwersitetine kabul edilmek meseleleri boýunça maslahat beriş çäresi geçiriler. Forumyň ilkinji gününiň mowzuklary telekeçileri, hususy işewürleri we dolandyryş ulgamynyň wekilleri üçin gyzykly bolar.

Forumyň indiki güni IT-tehnologiýalary pudagyna bagyşlanar: ITEA Halkara IT-akademiýasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Minecraft: emeli aňa giriş hem-de Python diliniň mysalynda programmirlemegiň esaslary we hususy ykjam programmalaryňyzy işläp düzmek mowzuklary boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

Ussatlyk sapaklary hususy işewürler, iş dolandyryjylar, telekeçiler, kompaniýalaryň direktorlary, şeýle hem IT-tehnologiýalary ulgamy boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak isleýänler hem-de bu mowzuk bilen gyzyklanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ene-atalary üçin peýdaly bolar.

Şeýle hem 14-nji maýda geçiriljek forumyň çäklerinde SMM-konsepsiýasy. Işewürligiňiz üçin gaýtadan başlamak mowzugyna bagyşlanan işewürlik ertirligi geçiriler, oňa gatnaşmak üçin telekeçiler we hususy işewürler, internet-marketing we SMM pudagy boýunça hünärmenler çagyrylýar.

Foruma gatnaşyjylary hasaba almak başlandy, şahsy maglumatlaryňyzy salgy boýunça ýa-da (+993 63) 48 53 80 telefon belgisi arkaly goýup bilersiňiz.

Ýakyn wagtda Iş Nokady kompaniýasy tarapyndan Maryda geçiriljek işewürlik forumynyň ýeri we wagty barada ähli maglumatlar ýerleşdiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekilleri Creative Central Asia 2026 sebit forumyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
“Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär
“Colvir” Aşgabatda bank ulgamyndaky soňky sanly tehnologiýalar boýunça maslahat geçirdi