Isa Mämmetgulyýew tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa Slowakiýada taýýarlanýar

Isa Mämmetgulyýew tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa Slowakiýada taýýarlanýar

Türkmenistan gazetiniň habarçysy ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän iri göwrümli sport desgasynda — Tennis toplumynda bolup, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň hem-de milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Miraly Gasanow bilen söhbetdeş boldy. Ol görülýän taýýarlyk barada gazetiň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

— Ilki bilen, şeýle iri derejeli halkara ýaryşyň tapgyrynyň ýurdumyzda geçirilmeginiň ählimiz üçin buýsançly waka boljakdygyny bellemek isleýärin.Biz şu günler toparymyz bilen Tennis toplumynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, güýçli depginde taýýarlyk işlerini alyp barýarys.

Toparymyzyň düzüminde Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri Atlymyrat Gurbanow, Ýuriý Rogusskiý, Hajymyrat Çaryýew, Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbangeldi Sähedow ýaly ezber türgenler bar.Slowakiýada okaýan, milli ýygyndymyzyň agzasy bolan Isa Mämmetgulyýewiň hem şol ýerde halkara ýaryşa ýokary depginde taýýarlyk görýändigini bellemek gerek.

Biz günde iki wagtyna türgenleşik geçýäris.Ilki ir bilen toplumyň tennis kortunda türgenleşýäris.Türgenleşikden soň fitnes hem-de trenažýor zallarynda fiziki taýýarlygy ýokarlandyrýan maşklar edilýär.Toplumyň birnäçe aýratynlyklary özünde jemleýändigini hem bellemek gerek.

Bu ýerde türgenler üçin sauna, basseýn, massaž bilen ýörite dikeldiş işlerini geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle-de Tennis Federasiýasynyň ýörite sport psihology bilen sapaklar guralýar. Şenbe günleri bolsa Saglyk ýolunda taýýarlyk işlerini geçýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy
Iňlisçe öwredýän telefon programmasy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
“Köpetdag” täze möwsümiň öňüsyrasy düzümine oýunçy goşdy