Işçisiz işleýän zawod

Xiaomi kompaniýasy işçä zerurlyk duýmaýan dünýädäki ilkinji zawody tanyşdyrdy.Jemi 11 sany önümçilik konweýeri bolan zawodda her üç sekuntda bir smartfon öndürip bolar.Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Jun bu barada jemgyýetçilik torunda habar berdi. Önümçilik desgasy dolulygyna awtomatlaşdyrylan bolup, bu ýerde robotlar hem işledilýär.

Akylly ulgam näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda ony bejerip bilýär.Meýdany 81 müň inedördül metre barabar bolan zawody gurmak üçin 330 million dollar sarp edilipdir.Bu ýerde her üç sekuntda bir sany MIX Fold 4 hem-de MIX Flip smartfony öndüriler.

Ýene degişli makalalar

Astrahan ununy öndüriji “AgroEksport” kompaniýasy türkmen bazarynda un üpjünçiligini artdyrar
Nurland milli brendi erkeklere niýetlenen kostýumlary tikmek sungatyny görkezýär
Kenar kompaniýasy Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny balyk önümleri bilen üpjün edýär
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty