Işewür aýal-gyzlary onlaýn okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

Işewür aýal-gyzlary onlaýn okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

Zenan telekeçiler, ýokary we orta menejerler we telekeçiler, Zenanlar biznesi inisiatiwasynyň çäginde El bilen dolandyrmakdan ulgam biznesini gurmaga nädip geçmeli atly onlaýn okuwyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Okuw Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan guralýar.

Diňleýjiler öz işlerine täzeçe başlamakda aýratyn hünär kömegini almaga ajaýyp mümkinçilik taparlar.

Okuw dekabr aýynyň birinji ýarymynda onlaýn ýagdaýda geçiriler. Gatnaşýanlaryň sany çäklidir, şonuň üçin saýlama bäsdeşlik esasynda geçiriler.

Okuwlara gatnaşmak üçin, 21-nji noýabrdan gijä galman anketany dolduryp, şu salga ibermelidir: ovezovat@ebrd.com

Anketany şu salgydan göçürip alyp bilersiňiz.

Okuw Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Ozal Türkmenistanda Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary okuw kursuna tölegsiz esasda ýazylşygyň başlanandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmeni̇standa “Zenan Telekeçiler Akademi̇ýasy” atly maksatnama işe başlady
Hakan Fidan Jon Bassy kabul etdi
Dolandyryş-çäk özgertmeleri sebäpli iş orunlarynyň kemeldiljekdigi duýdurylýar
Türkmenistanda Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary okuw kursuna tölegsiz esasda ýazylşyk başlandy
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
BOMCA maksatnamasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi