Türkmenistanda Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary okuw kursuna tölegsiz esasda ýazylşyk başlandy

Türkmenistanda Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary okuw kursuna tölegsiz esasda ýazylşyk başlandy

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary okuw kursuna gatnaşmaga çagyrýar.

Okuw sapaklary 59-njy we 13-16-njy dekabr aralygynda Google Meet platformasy arkaly onlaýn görnüşde geçiriler.

Amaly gurallar toplumyny özünde jemlän interaktiw okuw sapaklary oňa gatnaşyjylara okuwyň dowamynda islegli müşderiler üçin hakyky taslamany işläp taýýarlamaga hem-de hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, okuw kursunyň çäginde oňa gatnaşyjylar hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin aýratyn meýilnama taýýarlarlar.

Okuw sapaklaryny ÝT we ÖB tarapyndan çagyrylan, tejribeli hünärmen we sertifikatly dolandyryş geňeşçisi hökmünde tanalýan Naira Markarýan geçirer.

Bu okuw sapaklarynda şu aşakdakylar göz öňüne tutulan:

Okuwa gatnaşyjylar bäsdeşlik esasynda saýlanylar. Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenilen görnüşde doldurylan sowalnamany 25-nji noýabrdan gijä galman ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ibermeli. Okuw sapagy rus dilinde geçiriler.

Has giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Jon Bassy kabul etdi
Dolandyryş-çäk özgertmeleri sebäpli iş orunlarynyň kemeldiljekdigi duýdurylýar
Işewür aýal-gyzlary onlaýn okuwa gatnaşmaga çagyrylýar
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
BOMCA maksatnamasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi
Merkezi sag bileleşigi italýan saýlawlarynda ýeňiş gazandy