Işewür ýedi sagat smartfondan ýüz öwren zenana pul sowgat berdi

Işewür ýedi sagat smartfondan ýüz öwren zenana pul sowgat berdi

Zenan smartfondan ýüz öwürmek boýunça bäsleşikde ummasyz pul gazandy. Bu barada WCCFtech portalyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Hytaýda elektronika harytlary dükanynyň eýesi on sany ötegçä sekiz sagatlap eltelefonyny ellememese, 10 müň ýuan baýrak berjekdigini aýtdy. Şeýle hem ýaryşa gatnaşyjylara 7 sagadyň dowamynda uklamak gadagan edildi.

Ýaryşda adyny gizlin galdyrmak islän zenan ýeňiş gazandy. Ol dükanda geçiren sekiz sagadynyň dowamynda ýeke gezegem gajetine el degirmedi hem-de söz berlen pul sylagyny aldy.

WCCFtech portalynyň ýazmagyna görä, bu bäsleşik smartfonlaryň adamlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolandygyny görkezýär. Häzirki zaman enjamlary köp meseleleri çözmäge ýardam etse-de, adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiri hem bar. Hatda günde bir sagat eltelefonyndan ýüz öwürmek adamda howsalanyň derejesini peseldip we durmuşdan kanagatlanmany ýokarlandyryp bilýär.

Ýene degişli makalalar

Baş sahypa Habarlar Gazetler Žurnallar Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz habar beriş serişdesini döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişliginiň döredilmegine çagyrdy, Zaman gazetini nusga görkezdi
Ýaponiýaly adamlaryň gürrüňlerini diňläp olaryň öýünde mugt ýaşaýar
Hytaýly alymlar adamy göze görünmeýän edýän material oýlap tapdylar