Ýaponiýaly adamlaryň gürrüňlerini diňläp olaryň öýünde mugt ýaşaýar

Ýaponiýaly adamlaryň gürrüňlerini diňläp olaryň öýünde mugt ýaşaýar

Ýaponiýaly erkek kişi ýurdy aýlanyp, adamlaryň öýlerinde mugt düşläp, öwezine olaryň gürrüňlerini diňleýär diýip, Oddity Central neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Şuraf Işida ýaşamak üçin ýer gözlegine özboluşly çemeleşýändigi bilen, köpleriň ünsüni çekdi. Soňky bäş ýylda ol 500 öýde myhman boldy. Mundan öň ol işden boşap, ähli emlägini satdy we diňe goştorbasyny alyp galdy. Şuraf tygşytlan puluna ýurdy gezýär.

Täze şähere gelen dessine Şuraf gijesini geçirmek üçin gonalga gözleýändigi barada bildirişli merkezi meýdança çykýar. Ol hemişe diýýän ýaly, gürrüňçilik küýseýän ýalňyz adamlaryň tapylýandygyny gürrüň berýär.

Ýaponiýaly gijesini geçirmek üçin öýlerine goýberen adamlaryň oňa özlerini ýalňyzlykdan halas edendigi üçin minnetdarlyk bildirýändiklerini aýdýar. Ol indi meşhur boldy we özüni myhmançylyga çagyrýan adamlaryň köpelýändigini hem sözüniň üstüne goşdy diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Golliwudyň iň köp hak tölenýän aktýorlary agzaldy
Işi rowaç ýurda bahar gelipdir
Moskwadaky Hüjüm Bilen Bagly Derňew Işi Dowam Edyär
Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiligi öwreniler
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär