Işi rowaç ýurda bahar gelipdir

Işi rowaç ýurda bahar gelipdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Işi rowaç ýurda bahar gelipdir atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy her ýyl biziň ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleriniň okap beren goşgulary talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Türkmen atşynaslaryna hormatly at dakyldy
Türkmen we daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen at dakyldy
Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi
Halaç etrabynda Magtymguly Pyragyny gören tut agajy saklanyp galypdyr
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy