Türkmen atşynaslaryna hormatly at dakyldy

Türkmen atşynaslaryna hormatly at dakyldy

20-nji aprelde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahaleteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Permany bilen ýedi sany atşynas ildeşimize “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly at dakyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

“Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň seýisleri Şirmyrat Agamyradow we Salyh Rahymow, Aşgabat şäherinden hususy atşynas Baýmyrat Aşyrow, Balkan welaýatyndan hususy atşynas Kerimberdi Ýegengylyjow, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Baýdak” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şükür Seýlibaýew, Lebap welaýatyndan hususy atşynas Şamyrat Gündogdyýew we Mary welaýatyndan hususy atşynas Yhlas Potraýew mynasyp boldular.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti şeýle hormatly ady iki sany daşary ýurtly atşynasa Özbegistan Respublikasynyň “Uzbegim” ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Awaz Ismoilowa hem-de Ýaponiýanyň “Akhal-teke Affinity Co.LTD” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoe hem dakdy.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ada eýe bolanlary gutlamak bilen, ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzünde abraýynyň belende galmagy, baş sanynyň artmagy ugrunda çekýän yhlasly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere berk jan saglygyny we täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly myhmanlary 24-nji aprelde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen at dakyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany