Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiligi öwreniler

Ýaponiýada Türkmenistanyň söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiligi öwreniler

27-nji martda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň binasynda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi.

Oňa türkmen tarapyndan 30-dan gowrak, ýapon tarapyndan bolsa 100-e golaý ýolbaşçylar we wekiller gatnaşdylar.

Forumyň başynda Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň başlygy Norihiko Işiguro, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri jenap Rýosukr Kozuke we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon bilelikdäki komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Masumi Hara çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara gowy baha berdiler. Dowamly ösýän türkmen bazaryna ýapon kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Türkmen tarapy-da öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtadylar.Esasan-da iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygyny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynda nebit-gaz we nebithimiýa, himiýa we dokma, azyk senagaty, energetika, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe we bank pudaklaryny ösdürmekde, şeýle-de ýapon tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk üçin köp mümkinçilikler bar.

Türkmen bazarynda iri ýapon kompaniýalarynyň iş alyp barýandygyny bellenilip, Ýaponiýanyň kiçi we orta telekeçilikde işleýän kompaniýalary hyzmatdaşlyga çagyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda wekilhanasyny açmak mümkinçiliginiň öwrenilmegi we Türkmenistanda Ýaponiýanyň daşary söwda işleri guramasynyň JETRO-nyň wekilhanasyny açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edildi.

Forumyň dowamynda türkmen bazary, eksport kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri barada wideo şekil görkezildi.Forumda türkmen tarapy ýörite bölümlerde, ýagny Türkmenistanyň bank we maliýe ulgamy, ulag we logistika, hususy pudagyň alyp barýan işleri boýunça çykyş etdiler.

Türkmen-ýapon işewür toparlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary guramakda, işewürlik maslahatlary, sergileri, iş saparlaryny dowamly geçirmek teklip edildi hem-de indiki türkmen-ýapon işewürler forumyny Türkmenistanda geçirmek üçin ýapon tarapy türkmen paýtagtyna çagyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran sapary barada
Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy