Islandiýada ýanardag çogmasy sebäpli şäheri göçürýärler

Islandiýada ýanardag çogmasy sebäpli şäheri göçürýärler

Islandiýanyň häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky Grindawik şäheriniň ýanardagyň çogmasy sebäpli göçürilýändigini habar berdiler diýip, Report.az ýazýar. Muňa golaýda hasaba alnan seýsmiki işjeňlik netijesinde ýanardagyň otly läbiginiň şähere aralaşmak howpy sebäp boldy diýip, Reykjavik Grapevine ýerli neşiri habar berdi.

Habarda häkimiýetleriň ýurduň metereologik gullugynyň duýduryşyna laýyklykda, 3,7 müň ilatly şäheri gyssagly göçürmek kararyna gelendigi bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Her ýyl 80 wulkan atylýar
Islandiýada wulkan partlady
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy
Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar