Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy

1728-nji ýylyň 29-njy awgustynda häzirki wagtda Grenlandiýanyň paýtagty bolan Nuuk şäheriniň (dança Gothob) düýbi tutulýar. Şäheriň dança ady bolan “Gothob” sözi “ýagşy umyt” diýmegi aňladýar. Şol döwürde Daniýanyň we Norwegiýanyň patyşasy Frederik IV tarapyndan Grenlandiýanyň gubernatory wezipesine bellenen Klaus Paars bu ýere birnäçe ýaşaýjyny göçürip getirýär.

Geografik taýdan Demirgazyk Amerikada ýerleşýän hem bolsa, dünýäniň iň uly adasy hasaplanýan Grenlandiýa Ýewropa ýurdy bolan Daniýa degişlidir.Awtonom sebitiň paýtagty hasaplanýan Nuukda 19 müňden gowrak adam ýaşaýar.

Bu görkeziji Grenlandiýanyň ilatynyň üçden birini emele getirýär. Şeýle hem Nuuk adanyň medeni we ykdysady merkezi hasaplanýar. Şäher özüne iň ýakyn Ýewropa paýtagty bolan Reýkýawikden (Islandiýa) 1430 kilometr, Kanadanyň Ikualit şäherinden 818 kilometr daşlykda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Düwleniň derisinden kitap
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy