Ispan kompaniýasy 2 million türkmeninstanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Ispan kompaniýasy 2 million türkmeninstanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Ispaniýanyň TYPSA: Consulting engineers architects kompaniýasynyň Merkezi Aziýanyň oba hojalygy boýunça sebit dolandyryjysy Alehandro Martin Roýal Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde türkmen tarapy bilen geljekki tasalamalar barada gepleşikleri geçirdi.

Hususan-da, gepleşikleriň çäginde Türkmenistanda, takmynan, 2 million ilat süýji suw bilen üpjün etjek we oba hojalygy üçin 6 müň gektar ekin meýdanyny suwarmaga mümkinçilik berjek iri taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Neýtralnyý Turkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, bu kompaniýa mundan ozal Hazar deňziniň kenarýakasynda suw süýjediji desganyň taslamasyny durmuşa geçirmäge hem gatnaşypdy.Häzirki wagtda şol desganyň suwlary Türkmenbaşy we Aşgabat şäherleriniň aralygyndaky ekin meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylýar.

Pandemiýa başlamazdan ozal kompaniýamyzyň 10 sany inženeri Aşgabatda işläp, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde taslamany durmuşa geçirdi. Bu taslama örän şowly boldy. Türkmenistandaky işimizi dowam etdirmek, şol bir wagtyň özünde-de onuň gerimini giňeltmek, suw hojalygy we beýleki taslamalar boýunça işe başlamak isleýäris. Sebäbi Türkmenistan depginli ösýän we uly geljegi bolan bazar diýip, kompaniýanyň wekili gürrüň berýär.

Ýeri gelende bellesek, TYPSA: Consulting engineers architects kompaniýasy 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. 1966-njy ýylda esaslandyrylan kärhanada häzirki wagtda dünýäniň 60 döwletinden 3300-den gowrak inžener zähmet çekýär.

Ýene degişli makalalar

Ispan kompaniýasy 2 million türkmenistanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy garyşykda ýaý bilen atmakda altyn medal gazandy
Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy
ABŞ wenesuelaly bosgunlary gorag astyna aldy