Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy

Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy

Meksikanyň Puebla ştatynda girelgesinde futbol toplary bilen heýkel kompozisiýalaryny görmek bolýan özboluşly ybadathana peýda boldy. Bu ybadathananyň içinde meşhur Diego Maradonanyň portretleri bilen garylan katoliki ikonalar ýerleşdirilipdir diýip, Reuters agentligine salgylanyp, REN-TW habar berýär.

Şeýle-de, ybadathananyň girelgesinde meşhur futbolçynyň Meksikanyň sombrero şlýapasynda düşen suratyny hem görmek bolýar.Maradonanyň muşdaklary ybadathanada futbolçynyň Fidel Kastro we Rim papasy Fransisk ýaly dürli abraýly adamlar bilen düşen suratlaryny ýerleşdirdiler.

Ybadathanany açan Marselo Buşeniň aýtmagyna görä, bu “adamlaryň futbol hakda gürrüň edip biljek” ýeridir.Maradona ybadat etmek däbi birnäçe ýurtlarda ýaýrady we oňa eýerijileriň sany 500 müňden gowrakdyr.

Meşhur oýunçynyň hormatyna ybadathana dünýäde ilkinji gezek Argentinanyň Rosario şäherinde 1998-nji ýylda, heniz Maradona dirikä açylýar.Agentligiň bellemegine görä, Maradonanyň 1986-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynda ajaýyp çykyşyndan soň, 33 ýaşly janköýerler Alehandro Weron bilen Ernan Amesiň kellesine “Futbol ynanjyny” döretmek pikiri gelýär.

Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy.Onuň ýogalmagynyň sebäbi öýkeniň çişmegine getiren ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ozalky Prezident we žurnalist ikinji tapgyrda
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde…
“Altyn palmany” alan ilkinji koreý filmi