Ispaniýa ýene howply tebigy hadysalara taýýarlanýar

Ispaniýa ýene howply tebigy hadysalara taýýarlanýar

Ispaniýanyň Walensiýa, Kataloniýa we Balear adalary sebitleriniň käbir etraplarynda çylşyrymly howa şertleri sebäpli, howplulygyň ýokary derejesi yglan edildi. Bu barada EFE neşirine salgylanýan Report ýazýar.

Çaklamalara görä, ol ýerlerde güýçli çabgalara, gomlara we güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar.

Walensiýada oktýabrda bolan güýçli sil joşgunlarynyň zyýanyny aradan aýyrmak we dikeldiş işleri dowam edýär. Şol tebigy betbagtçylyklarda 220-den gowrak adam pida boldy.

Ýene degişli makalalar

Syýahatçylaryň sany artýar
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Täsin durna
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
Meriç Sümen