Syýahatçylaryň sany artýar

Ýewropanyň güneşli ýurdy bolan Ispaniýada syýahatçylaryň sany barha artýar. Şu ýylyň 9 aýynda bu ýurda 76 milliondan gowrak daşary ýurtly barypdyr. Syýahatçylar jemi 106 milliard ýewro sarp edipdir. Iň köp myhman Birleşen Patyşalykdan barypdyr. Ikinji ýeri fransuzlar, üçünji orny germaniýalylar eýeläpdir. Kataloniýa, Balear adalary we Andalusiýa has köp syýahatçyny özüne çekipdir.

Syýahatçylaryň köpüsi bu ýurtda bir hepde galyp, ortaça 1 müň 380 ýewro sarp edipdirler. Fransiýadan we Skandinawiýa ýurtlaryndan barýan syýahatçylaryň sany hem kadaly ýagdaýda ösüşini dowam etdiripdir. Ortaýer deňziniň kenarýaka ýurdy diňe tebigy gözellikleri bilen däl, dürli medeniýetleri özünde jemleýän taryhy ýadygärlikleri bilen hem köpleriň ünsüni çekýär.

Rüstem HOJANEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň uly hasapçysy.

Ýene degişli makalalar

“Finlýandiýanyň NATO Agzalygyna Oňyn Garamaýarys”
Şwed Şasy we Aýaly Koronawirusa Ýolukdy
Modernanyň Kämillik Ýaşyna Ýetmedikler Üçin Öndüren Sanjymynyň Ulanylmagy Yza Süýşürildi
Iňlis futbol kluby agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar
Iň yssy ýyl aýan boldy
Daşary ýurt metbugatyna syn