Prezident R. T. Erdogan, Finlýandiýanyň NATO agzalygyna oňyn garamaýandyklaryny aýtdy.
Erdogan, Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.
Erdogan “Biz Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýarys, emma oňun garamaýarys. Bizden öňki hökümetler, Gresiýanyň NATO agzalygy meselesinde uly ýalňyşlyk etdi. Gresiýanyň NATO-nyň goldaw bermeginde Türkiýa garşy tutum alyp barýandygyny bilýärsiňiz. Bu meselede Türkiýe hökmünde ikinji gezek ýalňyşlyk etmek islemeýäris” diýdi.
Finlýandiýanyň NATO agzalygy hakynda durup geçen Erdogan “Skandinawiýa ýurtlary gynansakda terror guramalarynyň myhmanhanasy ýaly. Şol sebäpli hem Finlýandiýanyň NATO agzalygyna oňyn garamagymyz mümkin däl” diýdi.