Modernanyň Kämillik Ýaşyna Ýetmedikler Üçin Öndüren Sanjymynyň Ulanylmagy Yza Süýşürildi

Modernanyň Kämillik Ýaşyna Ýetmedikler Üçin Öndüren Sanjymynyň Ulanylmagy Yza Süýşürildi

Amerikanyň biotehnologiýa firmasy “Moderna” kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin öndüren koronawirus sanjymynyň ulanylmagynyň Azyk we derman edarasy (FDA) tarapyndan “ýüze çykmagy ähtmal ýaramaz täsirleriniň düýpli öwrenilmegi üçin” yza süşürilendigini habar berdi.

“Modernanyň” ýolbaşçylarynyň beren beýanatynda FDA-nyň Kowid-19 sanjymynyň 12-17 ýaş aralygyndaky ýaşlara edilip, edilmejekdigi hakyndaky kararyny, sanjym etdirenlerde ýüze çykmagy ähtimal ýürek keseli howpuny öwrenmek üçin yza süýşürendigi, barlagyň ýanwar aýyna çenli dowam edip biljekdigi mälim edildi.

FDA, sanjym firmasyna ugradan hatynda sanjymdan soň seýrek ýüze çykýan ýürek myşsasynyň irinleme howpy boýunça ýüze çykan halkara maglumatlary seljermek üçin wagtyň gerekdigini beýan etdi.

Karar Ýaponiýada we Skandinaw ýurtlary bilen birlikde ençeme ýurduň “Moderna” sanjymynyň 18-30 ýaş aralygynda erkek adamlarda miokardit howpuny artdyrýandygy hakyndaky aladalaryny beýan etmeginden soň kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Iň yssy ýyl aýan boldy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Soňky 146 ýyldaky iň maýyl ýyl
Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly
Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglyk berkligi