Iňlis futbol kluby agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar

Iňlis futbol kluby agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar

Neýlsuort şäherinden (Glosterşir günorta-günbatar graflygy) “Forest Grin Rowers” professional futbol kluby ekologiýa taýdan arassa material bolan agaçdan dünýäde ilkinji döwrebap stadiony gurar. Bu barada “Financial Times” gazeti habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

5 müň orunlyk dünýäniň “iň ekologik stadionynyň” taslamasy asly Yrakdan bolan dünýä belli britan arhitektory Zaha Hadid (1950-2016) tarapyndan esaslandyrylan Zaha Hadid Architects dizaýn firmasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Angliýada dördünji güýçli diwizionda çykyş edýän klub meýdançanyň gurluşygyny 2025-nji ýyla çenli tamamlamagy göz öňünde tutýar.Ol oduň ýaýramagyny gowşadýan ýörite ýangyna garşy düzümler bilen örtüler.Adatça, agaç, esasan, Demirgazyk Amerikada, Skandinawiýada we Ýaponiýada kiçiräk öýleriň gurluşygy üçin ulanylýar. Şeýle-de bolsa, dünýädäki hökümetler we korporasiýalar uly jemgyýetçilik binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we ofisleri gurmakda onuň ulanylyş gerimini giňeltmegi maksat edinýärler. 2019-njy ýylyň mart aýynda Norwegiýada dünýädäki iň beýik agaç binasynyň gurluşygy tamamlandy.

Onuň beýikligi 85,4 metr.Esasy gurluşyk materialy hökmünde ýelimlenen pürsleriň ulanylmagy arkaly, 18 gatly bina ekologiýa taýdan arassa we howpsuz diýlip bellenildi.Google-iň hem Londondaky täze ştab-kwartirasy ýelimlenen pürsden gurlar.

Ýene degişli makalalar

Iň bagtyýar Ýaşlar Skandinaw Ýurtlarynda…
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly
Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir raýatymyzyň saglyk berkligi
25.10.2020 | Sagdyn durmuş ýörelgesi her bir raýatymyzyň saglyk berkligi