Ispaniýada 16 ýaşdan kiçilere sosial ulgamlar gadagan ediler

Ispaniýada 16 ýaşdan kiçilere sosial ulgamlar gadagan ediler

Ispaniýada 16 ýaşdan kiçileriň jemgyýetçilik torlaryna girmegi gadagan ediler. Şeýle hem platformlar ulanyjydan ýaşyny tassyklamagyny talap etmeli bolarlar. Ýurduň Hökümet başlygy Pedro Sançes Dubaýda geçirilen Bütindünýä Hökümetler sammitinde 16 ýaşdan kiçilere sosial torlary gadagan etmek barada karara gelendiklerini belledi.

Premýer-ministr “Çagalarymyz, hiç haçan ýeke özleri gezmeli däl ýerine barmaga sezewar bolýar.Indi, muny kabul etmeris.Olary “sanly wagty günbatardan” gorarys” diýip belledi.

Awstraliýa geçen ýylyň dekabrynda 16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik torlaryny peýdalanmagyny gadagan edipdi. Şeýle çäklendirme golaýda Fransiýanyň Milli Assambleýasynda (Milli parlament) hem kabul edilipdi. Birleşen Patyşalykda we Türkiýede hem şeýle çäklendirmäniň girizilmegi kanunçylyga üýtgeşme girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Yssy howada salkynlamak üçin “gaçybatalgalar” gurlar
Bütindünýä ykdysady forumy başlady
Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin Pekinde Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow bilen duşuşdy
Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez
Prezident Erdogan, Ispaniýanyň Premýer-ministri Sançes Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Alžire guran saparyndan soň beýannama berdi