Ispaniýanyň Premýer-ministri, Palestina Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Ispaniýanyň Premýer-ministri, Palestina Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes, Günbatarly ýurtlara çagyryş berip, Palestina döwletiniň ykrar edilmeginiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Sançez, Madritde geçirlen 8-nji İlçiler Konferensiýasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Ispan hökümetiniň, 7-nji oktýabrda Hamasyň hüjümden we yzy ýanyndan Ysraýylyň Gara garşy başladan hüjümleri meselesinde tutanýerli tutum alyp barýandygyny aýdan Sançes, “Hamasyň hüjümlerini ýazgarandyklaryny, zamun alynanlaryň şertsiz we gyssagly boşadylmagyny isleýändiklerini, Ysraýylyň özünü goramak hukugynyň bardygyny emma şol ýurtdan halkara hukugyna we adam hukuklaryna sarpa goýmagyny, Gazadaky adamzat pajygasyny bes etmegini isleýändiklerini” ýatlatdy.

Palestina döwletiniň 130-dan gowrak ýurt tarapyndan ykrar edilendigine garamazdan henizem käbir Günbatarly ýurtlaryň resmi taýdan Palestinany ykrar etmändigini ýatladan Sançes, “Palestina döwletiniň Günbatarly ýurtlar tarapyndan ykrar edilmegi üçin işe girişilmeli” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez
Prezident Erdogan, Ispaniýanyň Premýer-ministri Sançes Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Alžire guran saparyndan soň beýannama berdi
Pedro Sançes gaýtadan tassyklandy
Belgiýanyň Wise-premýeri Palestinanyň Garaşsyz Döwlet Hökmünde Ykrar Edilmegini Isleýär
Norwegiýa Palestina Döwletini Ykrar Etmek Üçin Taýar