Italiýa bilen Demirgazyk Irlandiýa, Türkiýe bilenem Rumyniýa duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026-nyň ähli yklymlardaky saýlama duşuşyklarynyň esasy tapgyry tamamlandy we gatnaşjak 48 ýygyndynyň 42-si belli boldy. Galan 6 topar üçin bolsa geljek ýylyň mart aýynda pleý-off duşuşyklary geçiriler.

UEFA zolagynyň 2-nji saýlama tapgyrynyň, has takygy, pleý-off duşuşyklarynyň bijeleri çekildi. 12 toparçada 2-nji ýeri eýelänler bilen UEFA Milletler Ligasynda-da şowly netije görkezen 4 ýygyndy pleý-off tapgyrynda çykyş eder.

Bijä laýyklykda, “A” geçelgede mundan öňki 2 ýaryşyň daşynda galan Dünýäniň 4 gezek çempiony Italiýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji sapar janköýerlerini gynandyrmajak bolsa ilki Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysyny ýeňmeli bolar.

Italýanlar finala çykan ýagdaýynda Uelsiň ýa-da Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ýeri gelende bellesek, Italiýanyň ýygyndysyna soňky 2 Dünýä Kubogyna pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanyp bilmändigi üçin gatnaşmak başartmady.

Olar Russiýa 2018-e Şwesiýadan, Katar 2022-ä Demirgazyk Makedoniýadan asgyn gelipdi we ilki Russiýadaky, soňra Katardaky Dünýä Kubogy ýaryşlaryna gatnaşyp bilmändi.

“B” geçelgede Ukraina bilen Şwesiýanyň ýygyndylary hem-de Polşa bilen Albaniýanyň ýygyndylary bije çekişdi. Ýeňiş gazanan 2 topar finalda duşuşar.

“C” geçelgede Türkiýe bilen Rumyniýanyň hem-de Slowakiýa bilen Kosowonyň milli ýygyndylary duşuşarlar. Ýeňijiler finalda Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin özara göreşerler.

“D” geçelgede Çehiýa bilen Irlandiýanyň milli toparlary duşuşyp, ýeňiş gazanan topar Daniýanyň ýa-da D. Makedoniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen finalda özara güýç synanyşar.

Ýarym final duşuşyklary 2026-njy ýylyň 26-njy martynda oýnalsa, final duşuşyklary 31-nji martda geçiler. Şeýlelikde, Ýewropadan gatnaşjak 16 toparyň ählisi hem tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny