Italiýa uzak ýaşlylaryň sany boýunça öňdeligi eýeledi

Italiýa uzak ýaşlylaryň sany boýunça öňdeligi eýeledi

Italiýa uzak ýaşlylaryň ýurdy hökmünde derejäni elden berenok. Statistika boýunça Milli institutyň (ISTAT) maglumatlaryna laýyklykda, soňky onýyllykda ýurtda ömür saly 100 ýaşdan geçen adamlaryň sany 30 göterim artdy. Ýagny hünärmenler 2024-nji ýylda 100-104 ýaş aralygynda 22 müňden gowrak ýaşaýjyny hasaba aldylar. 2014-nji ýylda olaryň sany 17 müň töweregidi.

Şunda ýaşy 110-dan geçýänleriň sany 21 adama ýetdi, bu 2009-njy ýyldakydan iki esse kändir. Hünärmenler adatça şeýle uzak ömür sürýänleriň zenanlardygyny belleýärler, ýagny olaryň sany ýurduň uzak ýaşly raýatlarynyň 81 göterimini eýeleýär.

Bu barada rg.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň ilaty 37,5 milliondan geçdi
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Pompeide müsür wazasy tapyldy
Maryda ýaşlaryň arasynda janyna kast etmek wakalary göz-görtele köpelýär’
Türkmenistanlylar, Eýrandaky suw krizisiniň arasynda, gezegiň özlerine ýetmeginden aladalanýar