Özbegistanyň ilaty 37,5 milliondan geçdi

Özbegistanyň ilaty 37,5 milliondan geçdi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabryndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýada iň köp hemişelik ilat ýaşaýan Özbegistanyň ilaty 37 503 972 adama deň boldy. Bu barada ýurduň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habaryna salgylanýan Daryo.uz ýazýar. Ilatyň düzüminde 18 842 028 erkek we 18 579 500 zenan bar.

Hünärmenleriň bahalandyrmalaryna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli ýurduň ilaty 40 milliona ýeter we Merkezi Aziýanyň tutuş ilatynyň ýarysyna deň bolar.

Soňky 30 ýylda Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň sany 15 million adam artmak bilen, durnukly ilat köpelişine güwä geçýär.

Özbegistanda ömrüň ortaça dowamlylygy 74,3 ýyla deňdir, bu bolsa, durmuşyň we saglygy goraýyş ulgamynyň gowulanmagynyň görkezijileri bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Italiýa uzak ýaşlylaryň sany boýunça öňdeligi eýeledi
Çekirtge howpy, zyýankeşler daýhanlary 'ünjä goýýar'
Türkmen migrantlary gazanç üçin Gazagystany saýlaýar, serhetden geçmek kynlaşýar
Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy