Italiýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Iş Taşlady

Italiýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Iş Taşlady

Italiýada saglygy goraýyş işgärleri ýurduň çar tarapynda 24 sagat möhlet bilen iş taşlady.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, kärdeşler arkalaşygynyň çagyryşy bilen lukmanlar we şepagat uýalary 2025-nji ýylyň bujetinde saglygy goraýyş pudagyna has az serişdäniň bölünip berlendigi sebäpli hökümete garşy ýöriş geçirmek we hassahanalarda saglygy goraýyş işgärleriniň howpsuzlygynyň ýeterlik üpjün edilmeýändigi üçin bir gün möhlet bilen iş taşlady.

Kärdeşler arkalaşyklary iş taşlaýyşa saglygy goraýyş işgärleriniň 85 göteriminiň goldaw berýändigini nygtady.

Iş taşlaýyş sebäpli 500-den gowrak saglygy goraýyş işgäri paýtagt Rimiň Apostoli meýdanynda ýöriş geçirdi.

Protest ýörişinde hökümetiň saglygy goraýyş pudagyna ýeterlik serişde bermeýändigi nygtaldy.

Premýer-ministr Meloni bolsa hökümetiniň saglygy goraýyş pudagyna deňi-taýy görilmedik derejede serişde berlendigini aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Eýranda protest ýörişleri sebäpli ýogalanlaryň sany 65 adama ýetdi
Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde 100-den gowrak howpsuzlyk işgäri öldürildi
BMG Eýrana aşa güýç ulanmazlygy üçin çagyryş etdi
Türkmenistan ýurduň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlygy güýçlendirýär
Türkmenistanyň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk işgärleriniň sany göz-görtele köpeldi
Eýrandaky protestlerde ýogalanlaryň sany 2570 adamdan geçdi