Italiýaly Dellakwila taekwondo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Italiýaly Dellakwila taekwondo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Italiýadan Wito Dellakwila Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 58 kg çenli agram kategoriýasynda taekwondo boýunça altyn medal gazandy.

Finalda ol Tunisiň wekili Mohamed Halil Žendubiden üstün çykdy.Bürünç medallary russiýaly Migail Artamanow we koreýaly Çon Çan aldy.Oýunlaryň ilkinji tutluşygynda Žendubi Artamanowy ýeňdi, soňra ýarym finala çykmagy başardy, bu hem russiýaly türgene teselli beriji söweşe gatnaşmaga we üçünji orun üçin söweşe ýetmäge mümkinçilik berdi.

Dellakwila 20 ýaşynda, ol 2017-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2018-nji ýylda Kazanda geçirilen Ýewropa çempionatynyň bürünç baýrakçysydyr.Medal sanawynda üç altyn we bir bürünç medal bilen Hytaýyň milli ýygyndysy öňde barýar.

Ikinji orny Italiýa bilen Ýaponiýanyň toparlary paýlaşýar (1-1-0).

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa we Russiýa hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
Yrakdaky we Siriýadaky Operasiýalardan Şehit Habary Geldi
Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Wolkanowski Koreý Zombisini ýeňip, UFC-niň çempiony titulyny gorady
Krymdaky tatarlar demonstrasiýa geçirdiler