Iwan Aýwazowskiniň Çeperçilik sungaty muzeýindäki eserleri onuň duýgy taýdan dartgynly we nepis şahyrana döredijiligi bilen tanyşdyrýar

Şu ýyl dünýä jemgyýetçilgi üýtgeşik zehinli nakgaş, deňiz suratlaryny çekmegiň ussady, Russiýanyň, Amsterdamyň, Rimiň, Parižiň, Florensiýanyň we Ştutgardyň Çeperçilik akademiýalarynyň hormatly agzasy, Feodosiýa şäheriniň hormatly raýaty Iwan Konstantinowiç Aýwazowskiniň doglan gününiň 200 ýyllygyny belleýär.

Aýwazowskiý deňiz barada syratlaryň 600-den gowragyny çekipdir--dünýäde hiç bir nakgaş beýle janypkeş zähmet çeken däldir.Eger-de onuň döredijiginiň 65 ýyl dowam edenligni göz öňünde tutsaň, Iwan Konstantinowiç ýylda ortaça 92 surat çeken bolýar!

Häzirki wagtda onuň eserleriniň her biriniň bahasy ABŞ-nyň 1 million dollaryna golaýdyr. 2007-nji ýylda onuň Gibraltar gaýasynyň ýanyndaky amerikan gämileri“ suraty Christie’s auksionynda 5,3 million dollara, 2012-nji ýylda bolsa Konstantinopoluň we Bosfor aýlagynyň görnüşi“ suraty ABŞ-nyň 5,2 milliona dollaryna satyldy.

Dogrusy, Aýwazowskiý diri wagty hem zehini, janypkeşligi, üýtgeşik hereketleri, şeýle hem Baş deňiz ştabynyň ýanyndaky gullugy netijesinde barjamly adamdy.

Iwan Konstantinowiç 1817-nji ýylda Feodosiýa şäherinde merkezi bazaryň iş dolandyryjysynyň maşgalasynda dünýä inipdir.Onuň hakyky ady Owanes Aýwazýan bolmaly. Ýetginjek döwri Aýwazowskiý diňe bir galam işletmäge däl, eýsem skripka çalmaga-da ussat ekeni, özem saz çalmagy özbaşdak öwrenýär: onuň ýetginjek döwri maşgalasynyň maddy ýagdaýy öwerlikli däl eken.

Onuň üýtgeşik başarnygy gözden sypmandyr, Feodosiýanyň şäher baştutany Aleksandr Iwanowiç Kaznaçeýewiň tagallasy bilen ol Simferorpol gimnaziýasyna okuwa girýär, soňra Peterburgyň Çeperçilik sungatlary akademiýasyny ekstern usulda tamamlaýar.

Ol Russiýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa we Afrika ýurtlaryna köp syýahat edýär. Onuň pasportyna jemi 135 wiza goýlupdyr. 1840-njy ýylda nakgaşy Ýewropada ykrar edýärler. Iwan Konstantinowiç Aýwazowskiý suratlary Luwrda goýlan ilkinji rus nakgaşydyr. Onuň ady, döredijilik tilsimi giňden tanalypdyr, ondan täzeden-täze ajap eserlere garaşypdyrlar.

Bir gezek Rim Papasy Grigoriý XVI Aýazowskiniň Injil mowzugyndan çeken Bulaşyklyk. Älemiň döreýşi“ suratyny görenden ony satyn almakçy bolýar. Iwan Konstantinowiç bu barada bilenden ony pontifige sowgat edýär, bu bolsa: Aýwazowskiý Ýewropa bulaşyklyk getirdi“-- diýen degişmäniň döremegine sebäp bolýar.

Iwan Konstantinowiçiň ýüzüp barýan gämisi Biskaý aýalgynda tupana duçar bolýar, ol tasdanam gark bolan eken, bu barada surat çekende bu ýagdaýy ençeme gezek aňynda aýlan Aýwazowskiý şonda heläk bolupdyr diýip Pariž gazetleriniň ählisi birbada ýazypdyr.

Onuň başyna düşen külpet nakgaşa özüniň çeperçilik we duýgy dartgynlygy taýdan iň güýçli eserleriniň biri bolan Elhenç harasat“ eserini döretmäge ylham beripdir. Ýordumynyň dartgynlylygyna garamazdan, üýtgeşik röwüşligi netijesinde surat, inçe duýguly manzarçynyň beýleki eserleri ýaly durmuşa höwes döredýär.

Türk soltany Abdul-Hamid II Iwan Konstantinowiçe 40-a golaý surat çekmegi tabşyrýar we eden işi üçin ony II derejeli Osmaniýe ordeni bilen sylaglaýar. Birnäçe ýyldan soň Hamidiň gyrgynçylgyna garşylyk hökmünde Aýwazowskiý bu ordeni deňze zyňyp goýberýär.

Onuň döreijige bagyşalanan ýyllarynda özbaşdak sergileriniň 125-si gurnalypdyr, nakgaş hormatly atlaryň ençemesine mynasyp bolýar. Ýöne olaryň arasynda haýyr-yhsan işleri üçin Feodosiýa şäheriniň ilkinji Hormatly raýaty ady aýratyn orun eýeleýär.

Iwan Konstantinowiç şähere suw geçiriji geçirdýär, dogrusy suw tölegli eken, bazar meýdançasyndaky çüwdürimdäki kümüş kürüşgede Iwan Konstantinowiçiň we onuň maşgalasynyň saglygy üçin içiň'“ diýen ýazgy bolupdyr, ondan suw muzdsyz içilýän eken.

Onuň beren serişdesine demir ýol çekilipdir, arheologiýa muzeýi we çeperçilik galareýasy gurlupdyr.Aýwazowskiniň döreden ussahanasyndan tanymal ussatlaryň ençemesi, şol sanda belli manzarçy Arhip Kuinji çykypdyr.

1900-nji ýylyň 2-nji apreline geçilýän gije Iwan Konstantinowiç 82 ýaşynda kellesine gan inmeden ýogalýar, onuň Partlama“ eseri gutarylman galýar. Deňzi, gaý-tupanlara garşy durýan gaýduwsyz adamlary wasp eden nakgaş 6000-den gowrak eser döredýär, olardan dördüsi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik sungaty muzeýinde saklanylýar.

Olar rus eserleri zalynda goýlan. Olaryň ikisi Deňiz görnüşi“ we Tupanda“ suratlary gaý-harasat wagtynda bolýan elhenç wakalary suratlandyrýar. Parahat ýatan deňiz birnäçe minutdan gaý-tupana öwrülýär. Deňiz görnüşi“ suratyndaky harasada uçran kiçeňräk gaýykdaky adamlar elde baryny edip tolkunlarda saklanjak bolýarlar. Olaryň ýüzünde ajal howpynyň abananlygyny aňdyrýan ejirdir elheder gorky bar.

Tupanda“ atly eserinde ýagdaý hasam elhenç. Tupanda dargan gämi gark bolýar. Tutuş topardan birje deňizçi ölümden sypýar. Ol pürse ýapyşyp, özüni halas etmek üçin erjel göreşýär. Onuň keşbi tupana garşy durmaga ukyply adam ruhunyň belentligini görkezýär.

Iwan Konstantinowiçiň Ýewropa gezelenji döwründe döredn üçünji bir eserinde şadyýan durmuşly ajaýyp Wenesiýa şekillendirilen.

Meýdandaky dowarlar“ eseri çopan durmuşyndan söhbet açýar. Bilesigeliji kiçijik çoluk ýaşuly ýoldaşyndan gyzykly bir zat, ähtimal deňiz syýahaty barada gürrüň bermegi haýyş edýär. Sebäbi, ol Aýwazowskiý ahyry! Suratda deňiz şekili bolmasa-da, ol eseriň gahrymanlarynyň hyýalynda bardyr...

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi
Ysraýyl bilen Hamas 6-njy gezek ýesir alyş-çalşygyny amala aşyrdylar
Ynsanperwer arakesmäniň möhledi uzadyldy