Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady

Ukraina Russiýa degişli desant gämisine reketalar bilen hüjüm gurady

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda Krymda we onuň töwereginde çaknyşyklar dowam edýär.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri tarapyndan berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 02:30-da Feodosiýa şäherçesiniň golaýyndaky suw giňişliginde guralan howa hüjüminde rus Gara deňiz flotyna degişli "Nowoçerkassk" desant gämisiniň raketalar bilen nyşana alynandygy aýan edildi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Mykola Oleşşuk beren beýanatynda: "Russiýanyň floty barha kiçelýär. Harby-howa güýçlerimiziň uçarmanlaryna we operasiýa gatnaşanlara minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.

Russiýanyň Krym gubernatory Sergeý Aksýonow bolsa Ukrainanyň howa hüjümlerinde 1 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Ukraina tarapyndan guralan hüjüm sebäpli şäherçäniň portynda ýangynyň ýüze çykandygyny we oduň gysga wagtda gözegçilik astyna alynandygyny aýdan Aksýonow, ähli adatdan daşary gulluklaryň meýdandygyny we ençeme öýüň ewakuasiýa edilendigini belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem hüjümlerde gämä zeper ýetendigini nygtady.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri düýn ýerli wagt bilen sagat 18:30-dan başlap şu gün 03:00-a çenli Russiýanyň Eýran önümi bolan uçarmansyz howa ulaglary bilen Ukraina hüjümler gurandygyny aýan etdi.

Beýanatda 19 uçarmansyz howa ulagynyň 13-iniň Odessa, Herson, Nikolaýew we Hmelnitskiý sebitlerinde ýok edilendigi beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Erdogan Türk F-16 uçarynyň heläkçiligi bilen baglanyşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi
ABŞ-nyň harby uçary Yragyň günbatarynda ýere gaçdy