Izmir Şambaly süýjüligi

Izmir Şambaly süýjüligi

Türkiyäniň Egeý sebitiniň merjeni hasaplanýan Izmire mahsus “Şambaly süýjüligi” gündelik durmuşda giňden sarp edilýän süýjülikleriň biridir. Şambaly süýjüligi Izmiriň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2011-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Şambaly süýjüligi takmynan 1 kg mannyý ýarmasy, 750 gr süýt we ýeterlik derejede krahmal we gabartma tozy bilen taýarlanýan hamyryň mejmede (Podnos) bişirilmegi we bişeninden soň üstüne şerbediň dökülmegi bilen taýarlanýan süýjülikleriň görnüşleriniň biridir.

Galyňlygy takmynan 3 sm bolan Şambaly süýjüliginiň dilimleriniň her biriniň üstüne 1 sany badam (maňyz) ýa-da pisse goýulýar.Hamyr ozaldan gyzdyrylan peçde 180 gradusda takmynan 45 minut bişirileninden soň, mejmäniň içine göniburçly dörtburçlyk görnüşde kesilip ýene-de 15 minut bişirilýär.

Beýleki tarapdan şerbeti taýarlamak üçin suw we şeker gaýnadylýar.Gaýnamaga başlanyndan soň şerbet ýene-de 10 minut gaýnadylýar, içine bolsa limonyň suwy we wanilin goşulyp ýene-de birnäçe wagt gaýnadylýar we sowamagy üçin goýulýar.

Hamyry bişeninden soň sowan şerbet onuň üstüne goýulýar. Şambaly süýjüliginiň daşky görnüşi ýanyk görnüşli bolmaýan, biraz karamelizirlenen, içerki bölegi bolsa parlaýan sary reňkde bolmalydyr.Sada görnüşde ýa-da üstüne gaýmak goýulyp hödür-kerem edilýän Izmir Şambaly süýjüligi agzada aňsatlyk bilen ereýän gurluşda bolmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede Ýerli Saýlarlar Geçirildi
Amasra ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi
Diňle: Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi