Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundanbeýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýlehem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiňMaksatnamasynda” howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekmaksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniňýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine Balkan welaýatynyň Jebelşäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň toplumynyňtaslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilenHalkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň welagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, umumy ulgama birikdirmekişlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabraýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
'Töleg meseleleri' Jebelde gurulýan Balkanabat halkara howa menziliniň gurluşygyny üç aý togtatdy
Jebeldäki zawod barha kän saglyk aladasyny döredýär, MHM 'arz edenleri gysýar'
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Tunisdäki tokaý ýangynlary dowam edýär
Jebelde 12 müň tonnadan gowrak baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan welaýat kärhanalary ýurduň gurluşyk pudagyny materiallar bilen üpjün edýär