Jo Baýden we Si Siznpin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Jo Baýden we Si Siznpin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Ak Tamdan berilen beýanata görä, Jo Baýden Si Szinpine Amerikan halkynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny goramak bilen Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň erkin we açyk galmagyny üpjün etmek babatyndaky tutanýerliligini belläp geçdi.

Beýanatda: "Prezident Jo Baýden, Pekiniň basyş ediji we adalatly bolmadyk ykdysady göçümleri, Gonkongdaky basyşlary, Sinjan Uýgur Awtanomiýasyndaky adam hukuklarynyň düzgün bozmalary we Taýwan bilen birlikde sebitde artan talaplaryna bolan aladalaryny belläp geçdi" diýip habar berildi.

Beýanata görä iki lider, koronawirusa garşy göreş, global saglygy goraýyş howpsuzlygy, klimat çalşygy we ýaraglaryň ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynmagy ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Baýdeniň Hytaý bilen gatnaşyklarda Amerikan halkynyň bähbitlerini göz öňünde tutup, amaly we netijelere gönükdirilen pozisiýa eýelejekdigini nygtap geçdi.

Ýene degişli makalalar

Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Hakas Türkçesi
Palestina Goldaw Bermäge Dowam Ederis
Hytaý Owganystana Müň Tonnalyk Ynsanperwer Kömegini Ugratdy
BMG Uýgur Meselesinde Hytaýa Çagyryş Etdi
ÝB: "Hytaý we ÝB düşünişmezçiliklere garamazdan bilelikde işleşmeli" diýdi
Uýgur Meselesi we Mediada Günbatar-Hytaý Çekeleşigi