ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýasatyndan jogapkär ýokary Wekili Žozep Borrell, Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň düşünişmezçiliklere garamazdan bilelikde işleşmäge dowam etmeldigini beýan etdi.
Žozep Borrelliň ofisinden berilen beýanata görä XI ÝB-Hytaý Strategik Dialog maslahaty geçirildi.
Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyk geçiren Žozep Borrell, düşünişmezçilikleriň dowam edýändigini, emma Ýewropa Bileleşiginiň we Hytaýyň ençeme möhüm ugur boýunça bilelikde işleşmelidigini we ÝB-Hytaý Adam hukuklary dialogynyň ýaňadandan başladylmagynyň gerekdigini habar berdi.
Borrell, öňümizdäki maslahatyň hem ýylyň ahyryna çenli geçirilmegini umyt edýändigini mälim etdi.
Beýanatda şol çäkde Sinjan Uýgur Awtonomiýasyndaky we Gonkongdaky ýagdaýyň ara alynyp maslahatlaşylandygy nygtalyp, Borrelliň Taýwan bilen baglanşykly bolsa Ýewropa Bileleşiginiň "Bir Hytaý" syýasatyny belläp geçendigi mälim edildi.