Joan Rouling çagalar üçin täze kitabyny çykarar

Joan Rouling çagalar üçin täze kitabyny çykarar

Iňlis ýazyjysy Joan Rouling 2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Roždestwo jojugy atly çagalar üçin niýetlenen täze kitabyny çykarar. Bu barada ol öz saýtynda habar berdi diýip, moika78.ru belleýär.

Roždestwo jojugy bir çagajygyň öz oýunjagyna bolan söýgüsi baradaky eserdir. Onda oglanjygyň oýunjagy tapmak üçin uzak aralyklara gidýändigi beýan edilýär.

Sýužete görä, eseriň gahrymany Jek hemişe ýanyndan aýyrman ýören oýunjagyny jojugyny diýseň eý görýär. Ýöne Roždestwonyň öň ýanynda oýunjak ýitirim bolýar.Jek iň gowy dostuny halas etmek üçin jadyly syýahata başlar.

Neşir iňlis dilinde çykar we 20-den gowrak dile terjime ediler.Joan Rouling 500 milliondan gowrak nusgada satylan hem-de 80 dile terjime edilen Harri Potter baradaky kitaplar tapgyry bilen dünýä meşhurlygyny gazandy.

Ýene degişli makalalar

Garri Potter baradaky seýrek kitap auksiona çykaryldy
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
Iň köp kitap okalýan ýurtlar
Ýazyjy Joan Rouling geçen ýylda 18 million funt gazandy
"Täsin" çagalar dünýäsi "Garri Potteriň" äheninde şüweleň guraýar
Meşhur ýazyjylaryň meşhur kitaplary
Joan Rouling “Garri Potter” franşizasyndan 165 million galleondan gowrak girdeji gazandy