Jokowiç, Federer we Nadal Leýwer kubogy üçin Ýewropanyň ýygyndysyna girdi

Jokowiç, Federer we Nadal Leýwer kubogy üçin Ýewropanyň ýygyndysyna girdi

“Uimbledonyň” häzirki çempiony serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Londonda geçiriljek Leýwer kubogy ýaryşyna gatnaşýandygyny tassyklady. Bu barada ýaryşyň saýtynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

Ol düzüminde ispaniýaly Rafael Nadal, şweýsariýaly Rojer Federer we britaniýaly Endi Marreý bolan Ýewropanyň ýygyndysy üçin oýnar.Bu ýygyndynyň düzüminde ýene iki orun boş galýar.Häzirki wagta çenli dünýä ýygyndysynyň düzümine Feliks Ože-Alýassim (Kanada), Teýlor Fris (ABŞ) we Diego Şwarsman (Argentina) girdi.

Bäşinji Leýwer kubogy ýaryşy 23 25-nji sentýabrda Londonda geçiriler.Geçenki dört ýaryşda (2017, 2018, 2019, 2021) Ýewropanyň topary ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Endi Marreý ilkinji gezek Lewýer kubogyna gatnaşar
UEFA “Sewilýa” Ligasy
Rafael Nadal kynçylyk bilen ýarym finalyň soňky ýollanmasyna eýe çykdy
Rafael Nadal Rimdäki "Mastersiň" finalyna çykdy
Nowak nobatdaky rekordy täzeledi
Medwedew ilkinji gezek Nadaly ýeňdi we ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň finalyna çykdy