Jonni Deppiň Karib deňziniň garakçylaryna dolanyp barmagy mümkin

Jonni Deppiň Karib deňziniň garakçylaryna dolanyp barmagy mümkin

Disney kompaniýasy aktýor Jonni Depp bilen Karib deňziniň garakçylary atly meşhur kinotapgyryň nobatdaky filminde surata düşmek barada gepleşikleri alyp barýar diýip, Thenews.com.pk. saýtyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Studiýanyň Deppe keşp üçin 300 million dollar hak teklip edendigi aýdylýar, aktýor munuň üçin Karib deňziniň garakçylarynyň 6-njy bölüminde hem-de Disney Plus studiýasynyň Gara merjen gämisiniň kapitany Jek Serçäniň ýaşlygy baradaky serialynda baş keşbi janlandyrmaly bolar.

Studiýa Jek Serçe barada filmiň garalamasyny eýýäm taýýar etdi, olar Jonniniň öz meşhur kino gahrymanynyň keşbine dolanyp geljekdigine umyt edýärler diýlip, habarda aýdylýar.

Heniz aktýoryň teklibe razylyk berendigi belli däl.

Ýene degişli makalalar

Jonni Depp Karib deňziniň garakçylaryna dolanyp barsa gerek
Disney Jek Serçäniň keşbine dolanmak barada Jonni Depp bilen gepleşik geçirýär
BMG: 45 ýurt azyk kömegine mätäçlik çekýär
Dominikanly 24 gün açyk ummanda galdy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze düzümi
ABŞ-da sowuk howa tolkuny dowam edýär