Jumaýew bilen Ömirow Portugaliýa gran-prisindäki çykyşlaryny tamamlady

Jumaýew bilen Ömirow Portugaliýa gran-prisindäki çykyşlaryny tamamlady

Şu günler Portugaliýada dowam eden dzýudo boýunça Gran-pri ýaryşynyň 60 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgenleriň ikisi ýaryşdy. Olaryň ikisiniň hem öz wekilçilik edýän düşekçesinde ýarym finala çenli baryp ýetmegi kanagatlanarly üstünlikdir.

Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň birinji reýtinginiň eýesi Hakberdi Jumaýew bu agram derejesiniň B düşekçesine wekilçilik etdi. Ilkinji tutluşygyny ýerli dzýudoçy Miguel Pisko bilen geçiren Hakberdi ondan üstün çykyp, soňra müsürli Adel Hamadany hem ýeňlişe sezewar etdi. Düşekçäniň finalyna barýan ýolda bolsa ol koreýaly Seungbom Jeondan asgyn geldi.

Bu agram derejäniň C düşekçesinde ýaryşan başga bir türkmenistanly dzýudoçy Aýbek Ömirow ilkinji garşydaşyny bilmek üçin müsürli Ýussr Semi bilen fransiýaly Rýan Konsekaonyň arasyndaky tutluşygyň netijesine garaşmaly boldy.Bu tutluşykda üstün çykan fransiýaly türgen soňra türkmenistanly garşydaşyndan asgyn geldi. Ýoluny üstünlik bilen dowam etdiren Aýbek bolsa düşekçäniň ýarym finalynda soňra bu ýaryşyň kümüş medalyny gazanan ispaniýaly dzýudoçy Fransisko Garrigosdan ýeňildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçenji orunda?
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?
Minskde türkmenistanly talyplar üçin iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler, Toýçyýew V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan hususy gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygyna girişmegi meýilleşdirýär