Jurnalistleri goramak boýunça komitet Nurgeldi Halykowy boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýar

Jurnalistleri goramak boýunça komitet Nurgeldi Halykowy boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýar

Jurnalistleri goramak boýunça Halkara komitet türkmen jurnalisti Nurgeldi Halykowyň işi barada beýanat çap edip, ony tizden-tiz boşatmaga Türkmenistanyň häkimiýetlerini çagyrdy.

Garaşsyz Turkmen news habar saýtynyň jurnalisti Nurgeldi Halykow 2020-nji ýylyň iýulynda tutulypdy.

Häkimiýetler BSG-niň toparyna girýän agzalaryň Aşgabatdaky myhmanhananyň howzunyň ýanynda düşürilen suraty redaksiýa iberendigini anyklandan soňra,ony ýygnapdylar. Şol ýylyň sentiýabrynda Halykow toslama aýyplama-talaňçylykda günälenip, 4 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

“Türkmen.news-iň” baş redaktory Ruslan Mätiýewiň sözlerine görä, neşirde makalalar çap edilenden soň Nurgeldini üç gezek izolýatora salypdyrlar. Izolýatorda saklanýanlara daşary çykmak we başgalar bilen gepleşmek gadagan.Olar kitaphanadan we beýleki eglenjelerden hem mahrum.

“Türkmenistanyň häkimiýetleri Halykowy izolýatora salmagyny bes etmeli, şeýlede oňa garşy toslama aýyplamany ýatyrmaly we ony hiç bir şertsiz boşatmaly” diýip komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili Gülnoz Seýit aýdyp, hiç bir esassyz höküm çykarylmagy we özüne berilen türme tussaglygyny ýerine ýetirýäne goşmaça jeza berilmegi-adalatsyzlygyň çürbaşy diýip ol sözüne goşýar.

Mätiýew ýurdyň ýolbaşçylarynyň çalyşmagy bilen Halykowyň işinde özgerşikleriň boljakdygyna umyt edýär. Türkmenistanyň MHM -gi we IIM-gi komitetiň telefonlaryna jogap bermedi.

Gurama geçen ýyl hem jurnalisti azatlyga goýbermäge we KHS-niň wekilleriniň hiç bir bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny çagyrypdy. The post Jurnalistleri goramak boýunça komitet Nurgeldi Halykowy boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi
Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar