Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar

22-nji iýunda “Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy” we “Adam hukuklary boýunça Halkara partniýorlyk” guramalarynyň bildirmegine görä, Türkmenistanyň täze prezidenti öz ýurdynyň raýatlarynyň özge pikirlerini we garaýyşlaryny açyk aýdandyklary üçin türmä basylmazlygy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmeli, şeýlede garaşsyz KHS, adam hukuklaryny goraýjylar we daşary ýurtlardaky oppozisiýa toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmeli.

AHTI we AHHP guramalary häzir syýasy äheňli türkmen türmelerinde oturanlaryň boşadylmagyny, şeýlede adalatsyzlyga garşy pikirlerini açyk aýdanlaryň yzarlanmagyny bes etmegi türkmen häkimiýetlerinden talap etmäge Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlarynyň çagyrýarlar we şeýle maksat bilen beýlekileriň hem goldawyny haýyş edýärler.

Häkimiýeti kakadan ogla geçirmek gurnalandan soňky hatda, haýsyda bir hakyky bäsdeşlik bolmadyk saýlawlaryň netijesinde Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň prezidenti boldy.

Täze saýlanan prezident kasam kabul edişlik dabarasynda “özüniň iň esasy borçlarynyň” “Baş Kanunda kepil geçilen adam hukuklaryny goramak” boljakdygyny tekrarlap, bu ugurda “paýhasly döwlet syýasatyny”söz beripdi.

Emma,Serdar Berdimuhamedow prezident saýlanandan üç aý soňra adam hukuklaryny ösdürmek üçin ýurtda haýsyda bir ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirmedi.

“Türkmen häkimiýetleri boş wadalar we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça göz üçin’ çäreler gurnamak bilen halkara jemgyýetçiligini öz tarapyna çekmäge synanyşýarlar.Türkmen hökümetiniň halkara hyzmatdaşlary muny ýetilen sepgit hökmünde kabul etmän,täze prezidentiň repressiw çareleriň bes edilmegi üçin anyk çäreleri durmuşa geçirmäge mejbur etmeli.

Ilkinji nobatda,bu häkimiýetleri tankytlaýanlary jezalandyrmak we olaryň sesini sem etmek’ tilsimi hökmünde oppozisiýanyň jezalandyrylmagynyň togtadylmagyny aňladýar” diýip AHTI-niň başlygy Farid Tuhbatullin aýdýar.

AHTI we AHHP Türkmenistanyň häkimiýetlerine şeýle çagyryşlar edýärler:

–Agajuma Baýramowyň we onuň maşgala agzalarynyň mundan buýana yzarlanmagyny bes etmeli,onuň bikanun azatlykdan mahrum edilendigi we gynalandygy barada düýpli hem ählitaraplaýyn derňew geçirmeli, günäkärleri jogapkärçilige çekmeli we oňa zerur saglyk kömegini etmeli,

– Nurgeldi Halykowy, Hursanaý Ismatullaýewany, Pygamberdi Allaberdiýewi we beýleki söz azatlygy, öz hukuklary ugrunda göreşen we daşary ýurtlardaky guramalar, ol ýerlerde ýaşaýan aktiwistler bilen gatnaşyk saklanlary türmeden boşatmaly. Häkimiýetler entek türmede otyrkalar,olara halkara hukuk kadalaryna laýyk garaljakdygyna kepil geçmeli,

-Asuda maksatlar bilen maglumatlar ýygnaýan, olary alyş-çalyş edýän, öz garaýyşlaryny açyk beýan edýän we guramalar bilen açyk gatnaşyk edýän raýatlaryň yzarlanmagyny we bulara haýbat atylmagyny, şeýlede olaryň garyndaşlaryna hem bular bilen söhbetdeş bolanlara basyşy bes etmeli,

AHTI we AHHP Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny ýüzlenmäni goldamaga we bu talaby prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümetine ýetirmäge çagyrýar.

Adam hukuklary guramalarynyň beýannamasynyň rusça jikme-jik mazmuny bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin. The post Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda özge pikirlileriň basylyp ýatyrylyşynyň we aktiwistleriň yzarlanyşynyň güýçlenendigi barada hasabat çap edildi
ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat
Türkmenistan: aktiwistiň ejesine edilen hüjüm režimiň tankytçylaryna basyşyň gowşamazlygynyň fonunda alada döredýär
ÝB-niň wekilleri hökümet bilen krizisdäki Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyny maslahatlaşdy
Sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
10.04.2020 | Sebitde suwdan netijeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy