ÝB-niň wekilleri hökümet bilen krizisdäki Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyny maslahatlaşdy

Hökümetden aýry guramalar soňky wakalara syn taýýarlady.

2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça ýyllyk Dialog geçirildi we gepleşikler mahalynda Brýusselden gelen delegasiýa adam hukuklary babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň döwlet organlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Biraz öň Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklary boýunça milli hereket planyny tassyklady, ombudsmen institutyny döretdi we adam hukuklary baradaky kanunçylgyna gaýtadan seretdi.

Emma Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” (AHTI) we “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” (AHHP) guramalarynyň bu Dialog üçin taýýarlan giňişleýin synyna görä, ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurtda adam hukuklary babatyndaky hakyky ýagdaý gözgyny bolmagynda galýar.

Soňky wagtlarda nebit-gazyň eksportyndan gelýän girdejileriň peselmegi bilen dörän we Türkmenistany gurşap alan ykdysady krizis ilata agyr zarba urdy, azyk önümleriniň bahalarynyň çalt ýokarlanmagyna, iş ýerleriniň kemeldilmegine we beýleki negatiw ýagdaýlara sebäp boldy.

Hökümet ykdysady krizis şertlerinde ýurtdaky işler we ilat arasyndaky hakyky ýagdaýlar barada maglumat ýaýramagynyň öňüni almak üçin öňki görýän çärelerini güýçlendirip, goşmaça çäreler tapgyryny gördi.

Bu ugurda görlen çäreleriň arasyna daşary ýurt kanallaryny alyp görkezýän hususy hemra antennalaryny sökmek; ýurtdaky ýagdaýlar barada garaşsyz maglumatlary çap edýän saýtlary petiklemek; Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň diňleýjilerini, sosial ulgamlary ulanyjylary we internet senzurasyndan VPN serwerleri diýilýänler arkaly aýlanyp geçýän adamlary gorkuzmak; režimi tankytlaýan adamlara barha ýokarlanýan basyşlar we beýlekiler girýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşow we onuň ejesi 2017-nji ýylyň fewralynda, 2,5 aý tussag astynda saklananlaryndan soň, nas saklamakda aýyplanyp, şertli üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Olar kanun goraýjy organlaryň gözegçiligi astynda sklanylýar, bu işde adam gynamalarynyň ulanylandygy baradaky beýanatlar bolmalysy ýaly derňelmän galdy.

Ştatdan daşary habarçy, gadagan edilen neşe maddalaryny saklamakda aýyplanan Saparmämmet Nepesgulyýew, ozalkylary ýaly, gözenek aňyrsynda saklanylýar, häkimiýetler ony “ruhy taýdan hassa” diýip atlandyrdylar we hakyky habarçy däl diýdiler.

AHTI bilen hyzmatdaşlyk edýän tanymal raýat jemgyýeti aktiwisti Natalýa Şabuntsy soňky aýlaryň dowamynda köplenç internet aragatnaşygyndan kesdiler, oňa gözegçilik dowam etdirilýär.

Häkimiýetleriň beýleki bir tankytçysy Umyda Jumabaýewa edilen hüjüm baradaky derňew togtadyldy we günäkärler şindi hem jogapkärçilige çekilenok. Geçen ýyl, Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän oglunyň ykbaly bilen baglylykda adalat agtaryp, häkimiýetlere ýüz tutanyndan soň, näbelli jenaýatçylar onuň ýüzüne kislota sepdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny mahabatlandyrmak soňky ýyllarda has giň gerime eýe boldy.Prezident 2017-nji ýylyň fewralynda, hakyky alternatiw garşydaşlarynyň bolmazlygynda geçen saýlawlarda sesleriň 97,7 prosentini alyp, täze möhlete prezidentlige saýlandy. Ýaşaýjylary, edil öňküleri ýaly, ýurtda bar diýilýän abadançylygy görkezýän köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur edýärler, mysal üçin 2017-nji ýylyň martynda geçirilen ählihalk ýowarynda ýaşaýjylara prezidentiň hormatyna bag ekmek buýruldy.

2016-njy ýylyň iýulynda Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyndan soň, türkmen häkimiýetleri musulman ruhanysy Fethulla Güleniň tarapdarlaryny köpçülikleýin tussag etmäge başladylar. Bu ýagdaý bilen baglylykda tussag edilen we uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen adamlar bikanun saklanyp, adalatsyz sud proseslerinde ýowuz daraşmalara, adam gynamalaryna sezewar edilendir diýip çynlakaý güman edilýär.

Aşgabatda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek we ýurdyň abraýy üçin möhüm çäre boljak Aziadanyň öňünden gurulýan sport desgalarynyň çäginde, öňünden habar etmezden, ýuridiki gorag mehanizmini üpjün etmän, raýatlaryň jaýlaryny köpçülikleýin ýykmak we adamlary göçürmek adaty zada aýlandy.

AHTI-niň taýýarlan dokumentlerine laýyklykda, ýerli sudlar Aşgabadyň etegindäki alternatiw ýaşaýyş jaýlaryna, ozalky ýaşaýyş meýdanlaryndan kiçi we degişli talaplary ödemeýän ýerlere göçmek tekliplerinden boýun gaçyran raýatlaryň göçürilmegi baradaky kararlary resmi taýdan tassyk etdiler. Ýurduň prezidenti üçin şahsy buýsanç bolan Aziadany geçirmek bilen bagly çykdajylar üçin döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň bir bölegini tutup galýarlar.

AHTI we AHHP tarapyndan ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça geçirlýän Dialog üçin taýýarlanan giňişleýin synda şu ýokarda agzalan meseleler gozgalýar, şeýle-de metbugat azatlygy, birleşmek we ýygnanyşmak azatlygy, hereket azatlygy, din azatlygy, tussag astynda saklamak şertleri we adam gynalmagynyň gadaganlygy, aýallaryň hukuklary we sosial-ykdysady hukuklary barada golaýda bolan we howsala döredýän wakalar beýan edilýär,

Şeýle-de dokumentde çynlakaý alada döredýän indiwidual işleriň birnäçesi getirilýär. Giňişleýin syny iňlis dilinde şu ýerden okap bilersiňiz.

***Türkmenistan, ozalkylary ýaly, Azatlyk öýi guramasynyň “Dünýäde azatlygyň ýagdaýy barada” çap eden hasabatynda, “Serhetsiz reportýorlar guramasynyň” taýýarlan “Metbugat azatlygy indeksinde”, “CIVICUS Monitor” guramasynyň dünýä ýurtlarynyň raýat jemgyýetleriniň ýagdaýy barada toplan maglumatlary esasynda dünýäde azatlyk ýagdaýy boýunça iň soňky orunlarda galýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: aktiwistiň ejesine edilen hüjüm režimiň tankytçylaryna basyşyň gowşamazlygynyň fonunda alada döredýär
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar
ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat
Türkmenistanda özge pikirlileriň basylyp ýatyrylyşynyň we aktiwistleriň yzarlanyşynyň güýçlenendigi barada hasabat çap edildi
CIVICUS: Türkmenistan we Özbegistan “ýapyk” ýurtlar bolup durýar
Türkmenistan bilen Özbegistanyň Daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşik geçirildi