ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat

Adam hukuklary boýunça halkara patrnýorlugy (AHHP) we Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” topary Ýewropa Bileleşiginiň daşarky meseleler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Frederika Morgeninä Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen 12-nji oktýabrda Brýusselde boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda açyk hat iberdi.

Hukuk goraýjylar Morgeninini Türkmenistanyň DIM-niň başlygy bilen adam hukuklary pudagyndaky iň wajyp meseleleri maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň hökümetiniňbu ugurda boýun alan anyk borçnamalaryny ýerine ýetirmegini gazanmaga, ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiňdiňe adam hukuklary babatdaky halkara ölçegleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen baglydygyny görkezmäge çagyrdylar.

Garaşsyz hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanda öz i’lerini açyk alyp baryp bilmeýärler, raýat jemgyýetiniň aktiwistleri, daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän žurnalistler, hökümeti tankytlaýan we beýleki adamlar bolsa, ykdysady krizisiň çuňlaşýan şertlerinde her dürli ýowuz basyşlara sezewar edilýärler.

Garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa öz professional işi üçin nämälim adamlar tarapyndan birnäçe gezek hüjüme, gorkuzmalara we haýbat atmalara sezewar boldy. Haýwanlaryň hukuklaryny gorýan Galina Kuçerenko geçen ýylyň dekbarynda bikanun saklanyldy we goňşularynyň şikaýtlary esasynda 15 gije-gündiz tussag edildi.

Biraz soň ol gorkuzmalara sezewar boldy. Hukuk goraýjy Nataliýa Şabunts we sosial ulgamlardaky aktiwist Galina Wertýakowa hem ýanamalara, gorkuzmalara sezewar bolýar.

Garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew maglumat toplandygy üçin galp aýyplamalar bilen türme tussaglygyna höküm edildi we 2018-nji ýylyň maýynda, berlen türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy. Türmede wagty onuň saglyk ýagdaýy düýpli ýaramazlaşdy.

Raýat aktiwistleriniň we žurnalistleriň maşgala agzalary hem ýanamalaryň pidasy bolýarlar.Has anygy, bir ýyla golaý öň, nämälim hüjümçiler Awstriýada ýaşaýan hukuk goraýjy, AHTI-niň başlygy Farid Tuhbatulliniň 76 ýaşyndaky ejesi Halida Izbastinowanyň jaýyny daşladylar.

Bu hüjüm F.Tuhbatulline adam hukuklary boýunça alyp barýan işleri we Türkmenistandaky wakalary tankydy nazardan beýan etmek ugrunda edýän tagallalary üçin basyş gňrkezmek niýeti bilen edildi.Bu hüjümiň jogapkärleri şu günki gün hem tapylmaýar.

Hatyň doly tekstini şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: aktiwistiň ejesine edilen hüjüm režimiň tankytçylaryna basyşyň gowşamazlygynyň fonunda alada döredýär
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy synagdan geçirilýär
Agry dagy
Mançester Ýunaýted we Çelsi aňsatlyk bilen üç utuk gazandylar
Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi