Türkmenistanda özge pikirlileriň basylyp ýatyrylyşynyň we aktiwistleriň yzarlanyşynyň güýçlenendigi barada hasabat çap edildi

Türkmenistanda özge pikirlileriň basylyp ýatyrylyşynyň we aktiwistleriň yzarlanyşynyň güýçlenendigi barada hasabat çap edildi

“Adam hukuklary boýunça partniýorlyk” halkara guramasy we “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisitiwasy” topary sosial ulgamlarda hökümete garşy tankytlaryň tutaşandygyna we daşary ýurtlarda hökümete garşy protest hereketleriniň dörändigine jogap hökmünde Türkmenistanda repressiýalaryň güýçlenendigi barada bilelikde hasabat çap etdiler.

Syn resminamada repressiýalar,söz azatlygy,assosiasiýalar, metbugat we asuda ýygnak azatlyklarynyň bozulyşy barada faktlar getirilýär.

“Türkmenistanyň hökümeti özge pikire sabyr-takat etmeýär we barha ösýän närzalyklary saklamaga synanyşýar we tankydy seslere garşy basyşy güýçlendirmek üçin dürli tilsimleri ulanýar.Bu bolsa,protest hereketiniň gowşamagyna we ýurtda oňyn özgerişleriň mümkindigine lapykeçligiň ösmegine getirdi.

Seýle ýagdaýlaryň we örän alada goýýan ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bize halkara jemgyýetçiliginiň goldawy zerur” diýip AHTI-niň başlygy Farid Tuhbatullin aýdýar.

Türkmenistanyň hökümetiniň repressiw syýasatlaryna garşy çykyş edýänlere ýurdyň daşynda ýaşaýan türkmen studentler, migrantlar ýa-da bosgunlar girýärler.

Türkmenistanyň ýörite gulluklary sosial ulgamlaryň aktiwistlerini, protest aksiýalaryna gatnaşýanlary,hökümeti açyk tankytlaýanlary yzygiderli aňtaýarlar.Emma, köplenç çet ýurtlardaky “amatsyz” raýatlary Türkmenistanda ýaşaýan hossarlaryna basyş etmek arkaly aňtaýarlar.

Mysal üçin, žurnalist we aktiwist Rozymyrat Jumamyradow Türkiýede ýaşaýar.Jumamyradowyň hökümeti tankytlamagyny bes etdirmek üçin golaýda onuň Türkmenistandaky hossarlaryny gorkuzmaga synanyşdylar.Hatda, ýörite gulluklar onuň 14 ýaşly ýegenini soraga çagyrdylar we haýbat atdylar.

Türkmen hökümeti dissidentleriň sesini çykarmazlyga mejbur etmäge synanyşyp, dostlukly ýurtlaryň, öňi bilen Türkiýäniň we Russiýanyň kömegini ulandylar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmen aktiwistleri birnäçe wakalarda saklandylar we bu ýurtlaryň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan haýbatlar atyldy, häkimiýetleriň nobatdaky goşulyşmasyndan soňra uniwersitetiň ýolbaşçylary basyş etdiler.

Meselem, 2020-nji ýylyň iýulynda Stambulda hökümete garşy protestlere çykan onlarça adam saklandy. Şolaryň birisi Dürsoltan Taganowany deportasiýa etmek buýrulypdy. Deportasiýa üçin resmi esasnama hökmünde onuň ýurtda ýaşamak rugsadynyň ýok bolmagy getirildi. Emma,hakykatda ýagdaýlar onuň hökümete garşy protestlere gatnaşmagy sebäp bolandygyny görkezýär.

Halkara guramalarynyň protestlerinden soňra deportasiýa ýatyryldy, 3 aý soňra Taganowa deportasiýa merkezinden boşadyldy. Ýöne, Taganowanyň jany entegem howply ýagdaýda we ol gorkuzmalara duçar bolýar.

Sosial ulgamyň aktiwistleri bolan dissidentler Rozgeldi Çöliýew, Mälikberdi Allamyradow dagy gorkuzmak kompaniýasynyň çäginde Rusýadan Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy bilen resmi däl ýagdaýda haýbat atmalara duçar boldylar.

Türkmen hökümetini islendik tankytlaýan ýurda dolananda, syýasy matlaply türme tussaglygy, gynalma we dereksiz ýitmek ýaly gazaply howplar bilen ýüzbe- ýüz bolýarlar. Bu türkmen häkimiýetleriniň özge pikirlilere garşy kompaniýasynda köpden bäri ulanýan tilsimidir.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri ýurdyň içinde hem birnäçe raýatlary yzarlap, haýbat atdylar.Olar sosial ulgamlarda hökümeti tankytladylar ýa-da ýurdyň daşyndaky aktiw oppozisiýa toparlary bilen hyzmatdaşlyk etdiler.

Geçen ýyl žurnalist Nurgeldi Halykow we aklawjy Pygamberdi Allamyradow dagy toslama aýyplamalar bilen azatlykdan mahrum edilipdi.

Halykow “Türkmen.news” neşiri bilen gizlin hyzmatdaşlyk etdi. Allaberdiýewiň bolsa, daşary ýurtlardaky hökümete garşy protest hereketi bilen çak edilýän gatnaşyklary üçin yzarlanypdy.

Häzir Türkmenistanda garaşsyz KHS, raýat jemgyýeti toparlarynyň işi üçin amatly giňişlik ýok. Çet ýurtlardaky garaşsyz guramalaryň internet sahypalary we aragatnaşyk platformasy ýurdyň içinde berk baglanýar.

Mundan başgada hökümet golaýda internet-sensuradan sowa geçip bolýan serişdelere garşy kompaniýasyny ösdürip, olary petikledi, hökümeti tankytlaýan saýtlara girýänleri gorkuzdy.

“Biz halkara jemgyýetçiligini serhetlere garamazdan, raýatlaryň maglumatlary gözlemek, almak, ýaýratmak we alada goýýan meseleler barada pikirdeşleri bilen bilelikde hereket etmek hukuklaryny bozýandygy üçin türkmen hökümetini jogapkärçilige çagyrmagyny soraýarys.

Türkmenistanda repressiýalara garşy çykyş edýän we adam hukuklaryna hormat goýmaga, demokratik özgerşiklere çagyrýan adamlaryň togtamaýan yzarlanmalaryna gowşamaýan halkara basyşlar edilmese, onuň soňy gelmez”diýip AHHPG-niň başlygy Bridžit Dýufer aýdýar.The post Türkmenistanda özge pikirlileriň basylyp ýatyrylyşynyň we aktiwistleriň yzarlanyşynyň güýçlenendigi barada hasabat çap edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlaryny häkimiýetlerden syýasy tussaglary boşatmagy talap etmäge çagyrýarlar
Türkmenistanly pälwanlar guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda 28 medal eýelediler
'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
Türkmenistan bilen Özbegistanyň Daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşik geçirildi
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat eadarlarynyň ýolbaşçylary iki taraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar