Kabulda Owganystana goňşy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Kabulda Owganystana goňşy ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Şu gün Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde bu ýurda goňşy bolan ýurtlaryň wekilleriniň we geňeşmelere gyzyklanma bildiren döwletleriň ilçileriniň gatnaşmagynda Sebtleýin hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäginde duşuşyk geçirildi. Bu barada Ariana News habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bar. Forumyň barşynda sebitdäki ýurtlar bilen Owganystanyň arasynda oňyn özara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurulygy, bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagy, şeýle-de ykdysady mümkinçilikleri artdyrmak üçin, netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegini guramaçylykly ýola goýýan sebit merkeziniň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ministriň bellemegine görä, Owganystanda soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda oňyn üýtgeşmeler bar, sebitdäki ýurtlar bilen üstaşyr-ulag gatnawlary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda sebit ýurtlarynyň wekilleri Owgansytan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşdylar. Bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, halkara hukuk kadalaryna we ylalalyşyklara laýyklykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler boýunça-da pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Eýranyň Prezidenti 22-24-nji aprelde Pakistana barar
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady
Arkadag şäherinde Täze ýyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Türkmenistanda Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleri seçip almak işleri geçiriler, 27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlaryň dabaraly maslahaty öz işine başlar we b
Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Maryda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi