Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda täze resminamalara gol çekildi

2020-nji ýylyň 30-njy

sentýabrynda Kabul şäherinde Salam han prezident köşgünde Türkmenistanyň we

Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da

TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, TürkmenistanOwganystanPakistan

(TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň

gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen

birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Dabara Owganystan

Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary,

Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak

edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä şeýle hem taslamalaryň

durmuşa geçirilmegine gatnaşýan halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Resminamalara

Türkmenistanyň we Owganystanyň ygtyýarly wekilleri gol çekdiler. Olar:

Türkmengaz döwlet konserniniň, TAPI Pipeline Limited we Afgan Gaz

Enterprise edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz

bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň

Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we

maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek

hakynda Ähtnama; Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Türkmentelekom elektrik

aragatnaşyk kompaniýasy bilen Afgan Wireless aragatnaşyk kompaniýasynyň

arasynda YmamnazarAkina hem-de SerhetabatTurgundy halkara optiki süýümli

aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama;

TürkmenistanOwganystanPäkistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda

elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri baradaky

Ylalaşyk.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
30.09.2020 | TürkmenistanOwganystan: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň täze tapgyryna gol çekildi
TürkmenistanOwganystan: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň täze tapgyryna gol çekildi
Tiz kömek welosiped
25.12.2020 | Resmi habar
Resmi habar
Resmi habar