https://tm.hronikatm.com/2018/02/19550/

Türkmenistanda 2021-nji ýylda dokma toplumyny gurmak planlaşdyrylýar

Wise-premýer Kerim Durdymyradow 19-njy fewralda bolan wideoşekilli iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurulmagy planlaşdyrylýan dokma toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny hödürledi.

“Toplum birnäçe fabrikden, şol sanda egriji, dokma, boýag we tikinçilik fabriklerinden ybarat bolar. Bu ýerde ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasy gaýtadan işleniler” diýip, TDH döwlet habar gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Prezident 2018-nji ýylyň martynda gurluşygyna başlanmaly we 2021-nji ýylyň martynada ulanmaga berilmeli dokma toplumynyň gurluşygy baradaky karara gol çekdi.

Belleýäris, bu desga Türkiýäniň “Cotam Enterprises Ltd” kompaniýasy tarapyndan proýektirlener we gurlar.

Ýene degişli makalalar

400 uçar satyn alar
Artykmaçlyk “Sent Luis Bluz-da”
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi
Uzak wagtlap zaýalanmaýan alma
Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda täze resminamalara gol çekildi
30.09.2020 | TürkmenistanOwganystan: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň täze tapgyryna gol çekildi
TürkmenistanOwganystan: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň täze tapgyryna gol çekildi