TürkmenistanOwganystan: Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň täze tapgyryna gol çekildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu resminamalar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine dahylly halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Baştutanyna iberen salamyny ýetirip, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tutuş Ýewraziýa yklymy üçin geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilen bu resminamalara gol çekilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Owgan tarapyndan çäräniň guralan ýerinde, Kabul şäheriniň “Salam-Han” Prezident köşgünde çykyş eden Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani iki ýurduň we halklaryň dostlugyna, şeýle hem diňe Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine däl-de, eýsem, sebitiň ykdysady integrasiýasyna täsir etmäge gönükdirilen iri göwrümli elektroenergetiki taslamalaryň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy hem-de Owganystana yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu günki waka Owganystanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm ädim boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmengaz döwlet konserniniň, TAPI Pipeline Limited we Afgan Gaz Enterprise edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen Afgan Wireless aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama; Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri baradaky Ylalaşyk bar.

Şeýlelikde, şu günki waka hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryna iş ýüzünde mynasyp goşandyny goşýandygyny ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.

Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Goňşy döwletiň wekilleri Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hem-de ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak meselelerine goşýan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda başyny başlan, sebitde we dünýäde umumy maksatlara hyzmat etjek iri taslamalaryň möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda täze resminamalara gol çekildi
Uzak wagtlap zaýalanmaýan alma
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi
Artykmaçlyk “Sent Luis Bluz-da”
400 uçar satyn alar
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar