Artykmaçlyk “Sent Luis Bluz-da”

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de “Boston Bruins” bilen “Sent Luis Bluz” toparlarynyň arasyndaky final duşuşyklarynyň 5-nji oýny tamamlandy. 5 oýnuň netijesi boýunça “Sent Luis Bluz” 3:2 hasabynda öňde barýar. 1-nji oýunda “Boston Bruins” 4:2 ýeňdi. 2-nji oýunda “Sent Luis Bluz” myhmançylykda 3:2 ýeňiş gazandy. 9 goluň geçirilen duşuşygynda bostonlylar myhmançylykda “Sent Luis Bluzy” 7:2 hasaby bilen utdy. 4:2 “Sent Luis Bluzuň” ýeňşi bilen tamamlanan 4-nji duşuşykdan soň, umumy hasap deňlendi.

Tapgyryň 5-nji duşuşygy düýn oýnalyp, “Sent Luis Bluz” myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, umumy hasapda 3:2 öňe çykdy. Çempiony belli edip biljek 6-njy duşuşyk 10-njy iýunda “Sent Luis Bluzuň” meýdançasynda, Missuridäki “Enterprise Center”-de oýnalar. Ýer eýeleri ýeňiş gazansa, olar çempionlygyny yglan eder.

Eger-de myhmanlar ýeňiş gazansa, ondan 7-nji oýun 13-nji iýunda Bostonda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

NHL-iň we NBA-nyň täze çempionlary
Finalyň ady: “Boston Bruins”“Sent Luis Bluz”
GYSGA SETIRLERDE
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar
Ýylyň garaşylýan filmleri