NHL-iň we NBA-nyň täze çempionlary

Amerikanyň Milli hokkeý ligasynda (NHL) çempion belli boldy.Stenli kubogynyň eýesi “Sent-Luis Bluz” bilen “Boston Bruinsiň” arasyndaky 7-nji duşuşykda kesgitlendi.Myhmançylykda 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Sent-Luis Bluz” taryhyndaky ilkinji NHL çempionlygyny gazandy. 7-nji duşuşykda missurililere ýeňiş getiren gollary O’Raýilli (16:47), Pietranjelo (19:52), Şenn (51:25) hem-de Senford (55:22) derwezä girizdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 4:3 öňe saýlanan “Sent-Luis Bluz” topary ilkinji gezek çempion bolmagy başardy. “Sent-Luis” NHL-de çempionlyk gazanan 22-nji topar boldy.

Toparyň kanadaly ýyldyzy Braýan O’Raýilli final oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) diýlip saýlandy.* * *NHL-den soň, Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da hem ýeňiş gazanan topar ilkinji çempionlygyny baýram etdi.

Final oýunlarynyň 6-njy duşuşygynda soňky çempion “Golden Steýt Warriorsy” myhmançylykda 114:110 hasabynda ýeňen “Toronto Reptors” taryhynda ilkinji ýola NBA-nyň çempionlygyny gazandy.Duşuşykda ýeňiş gazanan topardan Lowri 26, Siakam 26, Leonard 22 utuklyk oýun görkezdi. “Golden Steýtiň” ýyldyzlary Tompsonyň 30, Körriniň 21 utugy ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Ýeri gelende aýtsak, toparlaryň arasyndaky 5-nji duşuşykda “Golden Steýt Warriors” myhmançylykda “Torontony” 106:105 ýeňip, umumy hasaby 3:2-ä ýetiripdi.

Netijede, 6-njy oýundan soň, umumy hasapda 4:2 öňe saýlanan “Toronto Reptors” NBA-da çempionlyk gazanan ilkinji kanada, umumylykda-da 20-nji topar boldy.Final oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) diýlip, “Torontonyň” ýyldyz oýunçysy Kawhi Leonard saýlandy.

Ýene degişli makalalar

GYSGA SETIRLERDE
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
Artykmaçlyk “Sent Luis Bluz-da”
Finalyň ady: “Boston Bruins”“Sent Luis Bluz”
“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony
NBA-da çempion üýtgemedi