400 uçar satyn alar

Merkezi edarasy Dubaýda ýerleşýän DAE (Dubai Aerospace Enterprise) kompaniýasy awiaparkyny giňeltmek üçin 400 uçar satyn almagy meýilleşdirýär.Olar “Airbus” we “Boeing” kompaniýalaryna umumy bahasy 40 milliard dollara barabar sargyt eder.

Emma dünýäniň iň iri iki uçar öndürijisiniň ozalky sargytlarynyň köpdügi zerarly täze sargyt edilen uçarlaryň gijräk tabşyryljakdygy bellenilýär.Uçarlaryň lizing işinde (lizing emlägi belli bir wagtdan soňra ulanyja geçirmek üçin kärendesine bermek) dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biri bolan DAE bir koridorly “Airbus A320” hem-de “Boeing 737 Max” uçarlaryny almak isleýär.

Bilermenler adatça uly sargyt edilende, bahanyň arzan bolýandygyny belleýärler.AE-niň ýokary derejeli ýolbaşçysy Firoz Tarapore baha meselesinde entek kanagatlanarly jogap almandyklaryny aýdýar.DAE mundan ozal, Irlandiýanyň AWAS kompaniýasyny satyn alyp, awiaparky babatda dünýäde ilkinji onluga giripdi.

DAE dünýäde 57 ýurtda 117 awiakompaniýa bilen işleşýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara sergide täze uçarlar sargyt edildi
Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara...
Singapurda awiasiýa pudagynyň iri sergisi açyldy
Dubaýda awiasergi badalga berildi
Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi