Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesiniň okuwçylaryna 2017-2018-nji okuw ýylynyň öňüsyrasy ajaýyp sowgat- Halkara onlaýn olimpiadasynyň ýedinji-jemleýji tapgyrynda gazanan üstünlikleri üçin Saratowdan dürli derejeli medallaryň we diplomlaryň 50-si gelip gowuşdy.

Dürli mekdep dersleri boýunça her ýyl geçirilýän bu aň-paýhas bäsleşigini Erudit“ Ylym-bilim merkezi geçirýär, onuň işi okuwçylary uzak aradan okatmaga; aýratyn zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmaga; çagalarda ylmy işlere islegi we bilimlere höwesi höweslendirmäge gönükdirilendir.

Erudit“ YBM-niň guraýan aň-paýhas bäsleşikler marafonynyň meselelerini mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň iň ussat mugallymlary işläp taýýarlaýarlar. 2016-2017-nji okuw ýylynda uzak aralykdan döredijilik we ders bäsleşikleridir olimpiadalarynyň 534-si geçirildi.

Oňa Russiýanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň, Çernogoriýanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Litwanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň we Donesk Halk Respublikasynyň ilatly ýerleriniň 765-sinden 1754 okuwçy gatnaşdy.

Sylaglaryň ýanyna goşulan hatda Erudit“ YBM JÇJ-iň (Russiýa) direktory fizika-matematika ylymlarynyň doktory, professor M. B. Abrasimowyň habat bermegine görä, geçen ýylky köp tapgyrly olimpia estafetasynyň netijesi boýunça onda şowly çykyş eden okuwçylar, olaryň halypalary-mugallymlary, utgaşdyryjylar we bilim edaralary kesgitlenildi. Kaka şäheriniň 6-njy umumy bilim berýän orta mekdebi köpçülikleýin öňdebaryjylaryň onlugyna girip, ýedinji ýere mynasyp boldy.

Ahal welaýatyndan ýokarda ady agzalan olimpiýada estafetasyna taryh, himiýa, matematika we iňlis dili boýunça derslerden Kaka şäheriniň 4-nji we 6-njy, şeýle hem Duşak şäherçesiniň 11-nji hem-de 12-nji mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Özi-de çagalaryň käbiri birnäçe ugurdan bäsleşdi.

Duşagyň 10-njy orta mekdebiniň golaýdaky uçurymy Dörtguly Popykow taryh dersi boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Aýgytlaýjy tapgyra gatnaşan türkmen okuwçylarynyň 29-sy ýeňiş gazandy.Olaryň 18-si Kaka şäheriniň 6-njy mekdebiniň okuwçylarydyr.Kakaly okuwçylaryň köpüsi Russiýanyň Erudit“ YBM-niň gurnaýan halkara olimpiadalarynda ençeme gezek baýrakly orunlary eýelediler.

Mysal üçin, Ýylyň okuwçysy“ ada eýe bolan Aýlar Çynarowa taryh dersinden sekiz gezek ýeňiş gazandy.Maşgala üçlügi“ dogan-uýalar Allyjanowlar iňlis dilinden bäş gezek üstünlik gazandylar.Gulbaba adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi ýaş matematik Serdar Aýmämmedow dokuz gezek baýrakly orny eýeledi.

Olimpiýaçylaryň halypalary--Agmyrat Nyýazow, Araphan Ärnyýazow, Gurbangeldi Agaýew, Towşan Orazowa we Bahar Amanowa dagy medallaryň 20-sini eýelediler. Kaka şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy, halkara olimpiadalarynyň sebit geňeşiniň agzasy Ogulkeýik Janmyradowa aň-paýhas hereketini gurnamaga goşan goşandy üçin Hormat hatlarynyň bäşisine mynasyp boldy.

Ýylyň iň gowy ýolbaşçysy“ bäsleşiginde Araphan Ärnyýazow üçünji orny eýeledi. Halkara ders olimpiadalary boýunça milli utgaşdyryrjy--Kaka etrabynyň 6-njy mekdebiniň iňlis dili mugallymy, zehinli guramaçy we mugalym Araphan türkmen mugallymlarynyň eýelän 20 baýragynyň jemi on üçüsine ( 8 altyn,3 kümüş we 2 bürünç ) medala mynasyp boldy.

Erudit. Onlaýn“ halkara internet-olimpiadalarynyň soňky tapgyrynda gazanan uly üstünlikleri üçin ildeşlerimiz ýörüte Kubok bilen sylaglanyldy. Däp bolan awgust mugallymlar maslahatynyň çäklerinde Kaka şäheriniň 6-njy mekdebinde okuwçylary we olaryň mugallymlaryny mübäreklemek dabarasy boldy. Çagalara we olaryň halypalaryna medallar, olaryň şahadatnamasy, dürli derejeli diplomlar, gymmatly sowgatlar we gül desseleri gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internaynyň mugallymlary halkara gözden geçirilişiň netijeleri boýunça güçlileriň hataryna girdi
TDÇA-nyň talyplary Erudit tarapyndan geçirilen onlaýn bäsleşigiň ýeňijileri boldular
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Erudit online halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi boldy
Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalar