Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Erudit online halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Erudit online halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi boldy

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Erudit ylym-bilim merkeziniň guramagynda onlaýn görnüşinde Erudit online halkara internet olimpiadasy geçirildi ― diýip, Esger gazeti habar berýär.

Olimpiada birnäçe döwletden, şol sanda Türkmenistandan hem isleg bildirýän ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz aralarynda ylmyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde bäsleşdiler. Sanlyja gün mundan öň bolsa, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi.

Olaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Begli Gurbandurdyýewiň hem ady bar. Ol halkara internet olimpiadasynda biologiýa dersiniň Adam fiziologiýasy ugry boýunça bäsleşip, 3-nji orna mynasyp boldy. Harby talyp Begli Gurbandurdyýew Erudit ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomy hem-de bürünç medaly bilen sylaglanyldy.

Bu bolsa diňe bir Begliniň şahsy üstünligi bolman, eýsem, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, galyberse-de, ýurdumyzyň ýokary derejeli ylym-bilim ulgamynyň täze üstünligidir.

Ýene degişli makalalar

Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
TDÇA-nyň talyplary Erudit tarapyndan geçirilen onlaýn bäsleşigiň ýeňijileri boldular
Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internaynyň mugallymlary halkara gözden geçirilişiň netijeleri boýunça güçlileriň hataryna girdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda